Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyzlyk–Watanymyzyň şöhraty” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Garaşsyzlyk – Watanymyzyň şöhraty ” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler merdana ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerine eýerip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan kuwwatly ösmegine, ýurdumyzy hemme taraplaýyn ösen döwlete öwürmek, her bir ildeşimiziň bagtly durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri açandygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Garaşsyzlyk–Watanymyzyň şöhraty” atly …