“Geldi Nowruz äleme”- atly kitap sergi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda  “Geldi Nowruz äleme”- atly kitap sergi gurnaldy.                                               

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2025- nji ýyly  “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”   diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.  Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň  Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Geldi Nowruz äleme” atly kitap  sergisi gurnaldy. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Nowruz baýramy barada şeýle diyär.

  -Müňýylyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýňrelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr. –diyip  belläp geçýär.

Kitap sergimizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri öz beýany tapýar.   Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,  halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Geldi Nowruz äleme”- …

Metbugat gullugy