“Gelse Nowruz äleme” atly sergi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi  “Gelse Nowruz äleme” atly sergi gurady.

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň her güni toý-baýramlara şanly senelere beslenýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şanly senelere, baýramçylyklara, ömrüni sungata-medeniýete bagyşlan sungat ussatlaryň ömri döredijiligine bagyşlap -  hemişelik, wagtlaýyn, senenamalaýyn we göçme sergilerini yzygiderli guraýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi hem ýurdumyzda ulydan bellenilýän Nowruz baýramy mynasybetli “Gelse Nowruz äleme” atly sergi gurady.

          Ine şu günler ýurdumyzda milli bahar baýramy halkara Nowruz güni uly şatlyk, uly dabara bilen bellenilýär. Nowruzyň gelmegi bilen, diňe bir Zemin ýüzüne däl, eýsem ynsanlaryň kalplaryna-da ýylylyk aralaşýar. Gahryman Arkadagymyz: “Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanwerwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr” diýip belleýär. Nowruzyň gelmegi bilen daragtlar gülläp, şahalarynda ýapraklaryň gögerip çykmagy bilen, bibbiller her dürli saz eýläp, dünýäniň owadanlygyna gözellik goşýar.

Ýurdumyzda ulydan toýlanýan “Nowruz” baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarmyzy, türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gelse Nowruz äleme” …

Metbugat gullugy