Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Gözelleriň paýhasy bar jemlenen, daraklar kakylyp saza hiňlener” atly göçme sergi gurnady.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Gözelleriň paýhasy bar jemlenen, daraklar kakylyp saza hiňlener” atly göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme sergi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan haly sungaty bilen bagly ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen baýlaşdyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy sungatyny, gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýär. Il-günüň kalbyna deňelýän, nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýär. Haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly hem kämil mirasydyr.Türkmen halylary ussat gelin-gyzlarymyzyň köp asyrlyk döredijilikli zähmetiniň miwesidir.
Gadymy we müdimi haly sungatymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän sahawatly işleri hemişe rowaç alsyn.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gözelleriň paýhasy bar …