“Gözellik döredýär zenan dünýäsi” atly kitap sergi

Image description

“Gözellik döredýär zenan dünýäsi” atly kitap sergi.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda  Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Halkara Zenanlar güni  mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly geçirilen wagyz-nesihat  çäresiniň dowamynda   “Gözellik döredýär zenan dünýäsi” ady bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplar, nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň hem-de zenan ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisi okyjylarda  uly täsir galdyrdy we olar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gözellik döredýär zenan …

Metbugat gullugy