Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy1-nji iýun- Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gül Diýaryň gül-gunçasy-çagalar” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu göçme sergide türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan halk döredijiligine degişli ertekili,sanawaçly,ýaňlatmaçly, goşguly ajaýyp kitaplar bilen guraldy.Dabara gatnaşan bagtyýar çagalarda we olaryň ene- atalarynda bu kitap sergisi uly gyzyklandyrma döretdi we olar özlerine degişli kitaplar bilen tanyşdylar.Şeýle-de özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar.Bu sergi çaga terbiýesinde ruhy-ahlak häsiýetleriň kemala gelmegi üçin örän uly ähmiýetlidir.
Sergä gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gül Diýaryň gül-gunçasy-çagalar” …