Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň “Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna” ady bilen geçirilen söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň ýolbaşçylygynda “Gündogaryň beýik akyldary, şahyr Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige kitaphananyň işgärleri gatnaşyp, Alyşir Nowaýynyň ömri we döredijiligi, ýazan eserleri, şeýle-de “Myraly we Soltansöýün” hakyndaky rowaýaty barada aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Söhbetdeşlikde şahyryň eserleri barada kitaphanaçylaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda kitaphanaçylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gündogaryň beýik akyldary, …