“Günsaýyn görklenýän Diýar ylym bilen öňe barýar” ady bilen kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi  “Günsaýyn görklenýän Diýar ylym bilen öňe barýar” ady bilen kitap sergisini gurnady.

    Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de ylym baradaky edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler.  Mundan başga-da ylym bilen bagly edebiýatlary öwrendiler.                               

     Bizi şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Günsaýyn görklenýän Diýar …

Metbugat gullugy