“Gurban baýramy-hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Gurban baýramy mynasybetli “Gurban baýramy-hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy” atly söhbetdeşlik gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli baýramlaryny uly ruhubelentlik, agzybirlik hem-de buýsanç bilen belleýär. Şeýle mukaddes baýramlaryň biri bolan Gurban baýramy hem ynsanperwerligi, päkligi, ýagşylygy we birek-birege hormat goýmagyň beýik nusgasyny alamatlandyrýar.Ýurdumyzda her ýyl giňden, şatlyk–şowhun bilen bellenilýän bu baýramçylykda toý-sadakalary berlip, milli tagamlarymyz bişirilýär, naz-nygmatly desterhanlar giňden ýazylýar, ýaş neslimiz hiňňildik uçup, ýagşy arzuw niýetler edilýär. Bu bolsa däp-dessurlarymyzyň gadym döwürlerden bäri saklanyp gelinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle baýramçylyklarymyzy dünýä derejesinde bellemäge giň mümkinçilikleri açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gurban baýramy-hoşniýetliligiň we …