“Kitaphana - rowaçlyklara badalga” atly gurnak geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnagymyza Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Gurnagymyzyň bu sanynda Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi BEKU. kitaplary ýüklemegiň düzgünleri barada özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Kataloglaryň, kartotekalaryň ulgamy hakynda olary nähili ýerleşdirmeli, gerek bolan maglumatyňy dogry we çalt tapmak maksady bilen nähili işleriň alnyp barylýandygyny, kataloglaryň görnüşlerini şeýle-de halypamyz BEKU-yň elektron katalogyna maglumaty nähili ýüklemelidigini we gerek bolan maglumatyňy nähili gözlemelidigini tejribe üstünde görkezdiler. Şeýlede talyp-ýaşlaryň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitaphana - rowaçlyklara …