“Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy!” atly dabara geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Gutly bolsun Beýik Ýeňşiň baýramy, Parlasyn Garaşsyz Watan baýdagy! ady bilen Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara geçirdiler. Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toý-dabara baý Diýarymyzyň ähli ýerlerinde Ýeňiş güni mynasybetli çäreleriň, dabaralaryň, ”Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda gahrymanlary ýatlap, gül goýmak dabarasynyň hem geçirilýändigini bellediler. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň arzyly Ýeňşi golaýlaşdyrmak üçin tylda zähmet çekendiklerini buýsanç bilen ýatladylar. Döredijilik bilen meşgullanýan kitaphanaçylar Beýik Ýeňiş baýramy we gerçeklerimizi ýatlap ýazan ajaýyp şygyrlaryndan okap berdiler. Dabaranyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan ”Gaýduwsyzlygyň beýik mekdebi” atly kitap sergisi hem gurnaldy. Watanymyzy goran gahrymanlary hoşallyk duýgusy bilen ýatlamak, olaryň şan-şöhratyna beslenen durmuş ýoluna hormat-sarpa goýmak halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Şeýle ajaýyp ýörelgelerimizi dowam etdirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gutly bolsun Beýik …