“Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi

Image description

            “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi

2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Her bir ýurdyň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýen ajaýyp jümlelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda Gender deňligi boýunça ýaşlarymyzyň Gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda  “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine gatnaşanlar asuda jemgyýeti, jemgyýetçilik tertibini ýokary derejede üpjün etmek we berjaý etmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň etdiler.

    Çykyşlaryň dowamynda  ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, we ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde Berkarar Watanymyzda alnyp barylýan işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sňzlerini aýtdylar.           

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Gyz gözelligi edebinde” …

Metbugat gullugy