“Halk bähbitli netijeli işler” atly döredijilik duşuşygy

Image description

“Halk bähbitli netijeli işler” atly döredijilik duşuşygy.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde “Halk bähbitli netijeli işler” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen bu çärede çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler barada gürrüň etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabynyň “Budur türkmen binasy” diýen bölüminde beýan edilýän buýsandyryjy sözlerini öz içinde jemleýän wakalar dogrusynda döredijilik duşuşygynda çykyş eden hünärmenler söhbet edip, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halk bähbitli netijeli …

Metbugat gullugy