Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Halk döredijiligi – Sözüň bossany ” – atly kitap sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe has takygy 2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”diýip yglan edildi. Türkmen halkynyň MillI Lideri, Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli medeniýetimizi we sungatymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns berýär.
Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, ata-babalarymyzyň geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeländigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär
Döwlet kitaphananyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Halk döredijiligi – Sözüň bossany“ atly kitap sergisi gurnaldy. Sergä Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýörüteleşdirlen 52-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda kitap sergi gurnaldy. Kitap sergimize gatnaşan mekdebiň ýokary synp okuwçylarynda uly täsir galdyrdy. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilere taryhymyzy edebi mirasymyzy halk döredijiligimizi öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir.
Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halk döredijiligi – …