Halk Maslahatynyň ajaýyp netijeleri we Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34-ýyllygyna bagyşlanyp kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda ýazgy.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan Halk Maslahatynyň ajaýyp netijeleri we Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34-ýyllygyna bagyşlanyp kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda ýazgy edildi.

Teleýaýlymda çykyş eden kitaphana işgärleri halkymyzyň döwletlilik maslahaty bolan Halk Maslahatyndan gelip çykýan netijeler,şanly Garaşsyzlygymyzyň geçen 34-ýylynyň içinde ýeten ajaýyp sepgitleri,gazanylan taryhy ösüşler,Garaşsyzlyk ýyllarynda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Olar öz çykyşlarynyň ahyrynda türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy,Arkadagly Gahryman Serdarymyzy,ähli türkmen halkymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen,bize şu ajaýyp durmuşy beren Gahryman Arkadagymyza,Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň uly alkyşlaryny aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Halk Maslahatynyň ajaýyp …

Metbugat gullugy