Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen “Kitap okaýan dünýäni görer” atly gezelenç gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Patent-tehniki edebiýatlar bölümi hem-de “Ýagşygeldi Kakaýew” adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen “Kitap okaýan dünýäni görer” atly gezelenç gurnaldy.

 

Ýaş nesilleriň, watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde olaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bar, bu babatda bizde ähli mümkinçilikler, şertler döredilen. Halk arasynda “Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer”, “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana” ýaly jümleler ýöne ýerden däldir. Kitap bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Ähli ösüşleriň gözbaşy kitapdyr, şol sebäpli kitaplar we kitaphanalar ylym-bilimi ösdürmekde tükeniksiz çeşme bolup hyzmat edýänligi barada Yagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary bilen gurnalan gezelençde giňden gürrüň berildi. Gezelenjiň dowamynda kitaphana işgärleri bilen talyplar sorag-jogap alyşdylar  hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aytdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Halkara nebit we …

Metbugat gullugy