“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”

Image description

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”

     Aşgabat şäherindäki 74-nji orta mekdebi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde ýylymyzyň ady “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde Döwlet kitaphanasynyň hünärmenleri çykyş etdiler. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Watan mukaddesligi barada hem-de ýylymyzyň ady bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlary we goşgulary aýtdylar. Bu aýdylan goşgular mekdep okuwçylarda örän uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halkara parahatçylyk we …

Metbugat gullugy