Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň 74-nji orta mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Bu wagyz-nesihat çäresinde parahatçylyk taglymatynyň ýer ýüzüne edýän ajaýyp täsirleri barada hem-de kitaphanamyzda ýylymyzyň ady bilen baglanyşykly alynyp barylan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Döwlet kitaphanasy, onuň bölümleri, bölümleriniň işleri bilen içgin tanyşmaga, ýagny özlerine gerekli bolan edebiýatlary saýlap almaklaryna ýardam edýär diýip, söhbetdeşlikde giňişleýin gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halkara parahatçylyk we …