Halkara Zenanlar güni  mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly wagyz-nesihat we sergili çäre

Image description

Halkara Zenanlar güni  mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly wagyz-nesihat we sergili çäre.

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda  Halkara Zenanlar güni  mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly wagyz- nesihat we sergili çäre geçirildi.Wagyz-nesihat çäresine dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlarymyz,ak saçly enelerimiz gatnaşyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda asuda ýurdumyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpanyň belentden tutulýandygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler hem-de zenanlarymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary okap berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň abadan, asuda ýurtda ýaşap, zähmet çekmekleri ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Halkara Zenanlar güni …

Metbugat gullugy