“Haly – türkmeniň kalby” atly giňişleýin kitap sergisi

Image description

               Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Oba hojalyk edebiýatlary we medeni-köpçülik işleri bölümleri “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde “Oguzlaň kelamy, türkmen halysy” atly baýramçylyk duşuşygynyň çäginde “Haly – türkmeniň kalby” atly giňişleýin kitap sergisini hem ýazgy etdiler.

      Bu giňişleýin kitap sergisinde Döwlet kitaphanasynyň altyn gaznasyndaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de halylar baradaky kitap neşirleri hem ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelenler, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary hem öwrenip bildiler. Kitap sergisini görenlerde halylara bolan gyzyklanma has hem artdy.

     Işlemäge, döretmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Haly – türkmeniň …

Metbugat gullugy