Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň edepli, terbiýeli, ruhybelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin halypalaryň görkezýän göreldeleri, öwredýän sowatlarynyň nä derejede möhümdigi barada “Halypa şägirtlik ýoly” atly gepleşigi ýazgy edildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Gepleşigiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza , Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza halypa şägirtlik ýoly üçin giň ýol açyp berýändikleri üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halypa şägirtlik ýoly”