Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda,Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy, Çary Ýegenmyradowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň döredijilik işgärleri bolan halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy,Çary Ýegenmyradowyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu ussat ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary, biziň şu günki döredijilik işgärlerimiz üçin uly döredijilik mekdebidigini nygtadylar. Sözüň sungaty hiç wagt könelmeýändigini we bu günki gün biziň ýaş nesillerimiziň ýokarda ady agzalan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýarlandyklaryny çykyş edenler buýsanç bilen bellediler.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan, ýazyjy-şahyrlarymyzy belentden sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan ajaýyp işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Halypa şahyrlar Halyl …