Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy,Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy,Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy,ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli “Halypalaryň döredijilik mekdebi” ady bilen kitap sergisi guraldy.
Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem ýokarda ady agzalan ussat ýazyjy şahyrlarymyzyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp eserleri goýuldy. Okyjylarymyz bu guralan kitap sergisinden özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halypalaryň döredijilik mekdebi” …