Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Sungat” bölüminiň guramagynda “Halypamdy – hazynamdy” atly Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Sungat” bölüminiň guramagynda “Halypamdy – hazynamdy” atly Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine öz mynasyp goşantlaryny goşan ussat halypalar barada Döwlet kitaphanasynyň hazynasynda saklanýan dürli döwürleýin neşirlerde, kitaplarda çap edilen makalalary bir ýere jemläp, okyjylara ýetirmek maksady bilen “Sungat äleminde” ady bilen tapgyrlaýyn usuly-gollanma taýýarlaýar. Şolaryň biri-de “Käri boýunça artist, ylham joşguny boýunça şahyr, uly guramaçy, ajaýyp ýoldaş” diýlip atlandyrylyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 70 ýaşy bellenilýän, Türkmenistanyň at gazanan artisti, öz döredijilik ýoluna Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynda başlan merhum Kadyrberdi Atabaýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarmyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Ine şu gün Döwlet kitaphanasynyň işgärleri döwrebap ýörelgelerden ugur alyp geçirýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlap “Halypamdy – hazynamdy” atly döredijilik agşamyna birnäçe myhmanlary çagyrdylar. Çäräniň başynda söýgüli artistimiz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýew hakyndaky filmden bölege seretdiler. Il arasynda ölmez-ýitmez eserleri, keşpleri, sahnalary ýadygär goýup giden halypamyz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewdir. Kadyrberdi Atabaýew biziň her birimiziň ýüregimizde ýaşaýar. Şular ýaly ussat halypalary ýatlamaga, olaryň döredijiligini nesilden-nesle geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýän, halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup, dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarnyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Halypamdy – hazynamdy” …