Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Sungat” bölüminiň guramagynda “Hatyraly halypa” atly Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama agşamyny geçirildi
Türkmenistan döwletimizde milli aýdym-saz sungatymyz halkyň milli mirasynyň aýrylmaz bir bölegi hasap edilýär. Aýdym-saz sungaty milletiň ruhy dünýägaraýyş gymmatlyklarynyň biri bolup asyrlar boýy halka hyzmat edip gelýär. Aýdym-saz türkmen halkynyň şatlygynyň ýarany, toý baýramlaryň bezegidir. Türkmeniň geçmişi, şu güni we ertiri bu sungatymyz bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Ýurdumuzda ömrüni medeniýete we sungata bagyşlan şahslaryň biri-de özüniň hoş owazly aýdymlary bilen adamlaryň ýüreklerinde orun alan, diňleýjileriniň kalbynda güýçli duýgular döreden Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowdyr. Onuň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlaryny türkmen halky häli-häzire çenli söýüp diňleýär.
Halypa özüniň ýaşan gysga, emma manyly ömrüni aýdym-saz sungatyna bagyşlap, türkmen sungatynyň parlak ýyldyzlarynyň hataryna goşulmagy başaran aýdymçylaryň biri bolupdy. Hemmeler tarapyndan uly sarpa goýlup diňlenilen bu bilbil owazly aýdymçy häzir biziň aramyzda bolmasa-da, onuň söýgüden, hasratdan hem şatlykdan doly aýdymlary ýaşamagy dowam etdirýärler. Bu günki ýatlama agşamynyň dowamynda hem halypanyň döredejiligi bilen bagly gyzykly gürrüňler we halypanyň ýerine ýetiren aýdymlaryndan bölekler ýatlama agşamyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarmyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarnyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Hatyraly halypa” ýatlama …