Hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, Hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary hem-de ”Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde ýazgy etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň saýasynda türkmen halkynyň el-ele berip agzybirligi bilen parahatçylyk ýolunda türkmen döwletiniň täze röwşen keşbini, täze abadan durmuşyny ,eziz ýurdumyzy dünýä ýüzüne tanadandygyny uly buýsanç bilen söhbet etdiler. Söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 …