Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

Türkmen halysynyň Milli muzeýi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gatnaşmagynda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli söhbetdeşlik gurnaldy.

    Türkmen  halysynyň Milli muzeýi hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň halypa kitaphanaçysynyň gatnaşmagynda Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli  halyçy gelin- gyzlarynyň arasynda türkmen zenanynyň on barmagyndan döreýän milli gymmatlyklary hakynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Bitaraplyk  baýramy mynasybetli ýerine ýetirilýän  işleri dogrusynda, türkmen halysynyň we beýleki el işleriniň gymmaty ,onuň kitaplarda waspy hakynda täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşlik “Miras” teleýaýlymynyň “Mähir siňen mirasym” gepleşigi tarapyndan ýazgy edildi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hemişelik Bitaraplygyň 30 …

Metbugat gullugy