“Hemişelik Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz”atly kitap sergisi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi ” Hemişelik Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz”ady bilen kitap sergisini gurady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly eserleri,şeýle hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda çap bolan dost-doganlyk, parahatçylyk barada ýazylan edebiýatlar goýuldy. Mundan başga-da bu guralan kitap sergisinde Halkara Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan kitaplar hem ýerleşdirildi.Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.
13.11.2025ý.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Hemişelik Bitaraplyk şöhratymyz-şanymyz”atly …