Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryna syn berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitaby 2024-nji ýylda çapdan çykyp, kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kabul edilen resminamalar, gutlaglar, çykyşlar, beýan edilýär. Kitap üç dilde türkmen, rus, iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi.
‘’Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri’’ atly kitaby 2024-nji ýylda çapdan çykyp, bu kitap 2 tomdan ybarat bolup birinji tomy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýany hem-de ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň depginini özünde jemleýär.
Synyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hormatly Prezidentimiz Arkadagly …