Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen bilelikde hoşallyk maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Kitaphanalaryň akyl paýhas ojagydygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Munuň şeýledigini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amal edilýän guwandyryjy işler aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň guruljak döwrebap täze binasy ýurdumyzda ýaş nesil hakynda aladanyň, kitaba, kitaphanalara goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsidir diýip belläp geçdiler.
“Bilimli nesil kuwwatly Watan” diýlişi ýaly “Güneşli” çagalar we ýetginjekler merkeziniň binasynyň we çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň bir ýerde ýerleşmegi çagalaryň geljekde giň gözýetimli, bilimli, sowatly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde, watanperwer, belent adamkärçilikli ynsanlar bolup kemala gelmeklerinde uly ähmiýete eýedir diýip, kitaphanaçylar öz çykyşlarynda bellediler.
Çykyş edenler çykyşlarynyň ahyrynda kitaphana işini ösdürmekde taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hoşallyk maslahaty