Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Hoşniýetli ýörelgeleriň beýany” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan “Hoşniýetli ýörelgeleriň beýany” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga bir näçe halypa ýazyjy şahyrlar hem-de terjimeçiler gatnaşdylar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan ýylynda, ýazyjy şahyrlarmyz bedew bady bilen öňe barýan türkmenistan watanmyzy öz çykyşlarynda, goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Döredijilik duşuşygynda täsirli edilen çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hoşniýetli ýörelgeleriň beýany