Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi “Hytaý halk Respublikasyndan” sowgat gelen neşirlere kitaphana synyny geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Bitarap Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy bilen baglylykda, dostlukly Hytaý halk Respublikasy bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem Hytaý döwletiniň medeniýetini, edebiýatyny, taryhyny açyp görkezýän kitaplaryň sanynyň köp bolmagy, bu ugurda bilim alýan ýaşlarda dil bilimini artdyrmakda uly ähmiýeti bardyr. Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň kitaphanaçylary Hytaý halk Respublikasyndan sowgat gelen neşirlere kitaphana synyny geçirdi. Bu kitaphana synynyň üsti bilen okyjylar hytaý döwletiniň däp-dessurlary, taryhy we medeniýeti bilen tanyş boldylar. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini we edebiýatyny öwrenmäge aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Hytaý halk Respublikasyndan” …