Hyzmat ediş bölümi ''Saglyk ynsanýetiň hazynasy'' atly söhbetdeşlik.

Image description

Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň döwlet kitaphanasyna gelip gowşmagy diýseň buýsandyryjy wakalaň biri boldy, kitaphanamyzyň hyzmat ediş bölümi tarapyndan bu ajaýyp kitap barada söhbetdeşligiň geçirilmegiokyjylarda uly gyzyklanma oýardy we olaryňýankitabyna öwrüldi. Bu ylmy-ensiklopedik işiň täze jildinde alym Arkadagymyz mukaddes türkmen topragynda bitýän, gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlikler barada doly we düýpli maglumatlary beýan edilen. Gymmatly hazynalardan baý kitabyň ähmiýeti saglygy goramak, adamlaryň sagdyn bolmaklary üçin dyngysyz iş alyp barýan saglygy goraýjy her bir ynsan üçin örän gymmatly golýazma bolup hyzmat eder. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar bu kitabyňähli jiltlerinden ybarat bolan sergi bilen hem tanyşdylar.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar halkymyzyň saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatyndan ileri tutýan, saglygyň iň inçe syrlaryny açyp berýän, halkyny sagdyn bedende öňe sary akýollarda alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň  janynyň sag, ömrüniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň  köp bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hyzmat ediş bölümi …

Metbugat gullugy