Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş we Seýrek neşirler bölümleri bilelikde “Ylym-bilim- gymmatly hazyna”
atly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we Milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary bilen “Ylym-bilim- gymmatly hazyna”atly maslahaty geçirip, kitaphana gelýän okyjylara ýokary derejede hyzmat etmek hakynda gyzykly söhbet edildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025- 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp kitaphana işini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak barada iş tejribe alyşyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen bir wagtyň özünde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy dünýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Dabarada çykyş edenler kitaphana işine uly üns berýändikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
13.11.2025ý.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Hyzmat ediş we …