Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Inžener desgalary, teýkarlar we binýatlar” atly kitaba kitaphana syny gurnaldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda gurluşyk işleri uly germe we depgine eýe boldy. Gurluşyk meýdançalary öňki çäklerinden daşyna çykdy. Dünýä derejesinde inžener-geologik maglumatlary almakda, işläp seljermekde, saklamakda we derwaýys ulanmakda täze tehniki we tehnologik ösüşler gazanyldy. Şol täze usullary, enjamlary öwrenmek we önümçilige ornaşdyrmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Bu okuw kitabynda gurluşykda ulanylýan materiallaryň fiziki-mehaniki häsiýetnamalaryny, olardan taýýarlanylýan gurluşyk önümleri, inžener desgalarynyň görnüşleri, kysymlaryny, olaryň teýkarlarynyň taýýarlanylyşy, binýatlaryň görnüşleri we gurnalyşy beýan edilýänligi barada gürrüň edildi. Kitaphana synyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza. Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowana ýollarada rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Inžener desgalary, teýkarlar …