Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn Asyr”teleýaýlymy bilen bilelikde “Jemgyýet we Kanun”ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň her bir gününde bolup geçýän ajaýyp ösüşler we taryhy wakalar hakynda şeýle hem türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly beýik taglymaty dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýanlygy hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Jemgyýet we Kanun”ady …