“Jennet mekan Aşgabat” ady bilen baýramçylyk dabarasy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Jennet mekan Aşgabat” ady bilen baýramçylyk dabarasy  geçirdi.  Dabarada çykyş edenler gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň,    Hormatly Prezidentimiz    Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine kybap gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň ak mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, edara kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgarlaryň ýokary depginde dowam etmegi binagärlik-şähergurluşyk keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Ak mermere beslenen Aşgabat bu gün Orta Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Ak şäherimiz ýurdumyzyň ýüregi hem ýüzüniň tuwagy. Altyn gümmezli köşkler uzaklardan bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Binagärlik keşbi bilen haýran galdyrýanlygy barada çykyş edenler giňişleýin gürrüň etdiler.

     Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy, ähli halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni bilen mähirli gutladylar. Okamaga, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz       Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Jennet mekan Aşgabat” …

Metbugat gullugy