“Kalbymyzda söýgi-nur bolup dolan, Ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy”

Image description

 “Kalbymyzda söýgi-nur bolup dolan, Ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy”

  Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Kalbymyzda söýgi-nur bolup dolan, Ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy” atly söhbetdeşlik geçirildi. “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilen söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35-ýyllyk toýunyň şatlyk- şowhuna beslenip belleniljekdigini bellemek bilen, Garaşsyzlygymyzyň egsilmez güýjünden, ýurdumyzda ähli ulgamlar boýunça ajaýyp üstünlikleriň gazanylýandygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler, döredijilik bilen meşgullanýan kitaphana işgärleri bolsa özleriniň Watanymyzy wasp edýän şygyrlaryndan okap berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda öz alyp barýan syýasaty bilen ady dünýä dolan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan – buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kalbymyzda söýgi-nur bolup …

Metbugat gullugy