“Kamatyna älem haýran bedewiň” ady bilen baýramçylyk dabarasyny

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi hem-de Medeni-köpçülik işleri bölümi “Kamatyna älem haýran bedewiň” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

    Bu baýramçylyk dabarasynda çykyş eden, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Atçylyk Akademiýasyndan gelen myhmanlarymyz, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny tutuş dünýä  belli edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sap ganly  ahalteke bedewlerini gorap saklamak, olary köpeltmek, seýislemek we atçylyk sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler.

      “Kamatyna älem haýran bedewiň” baýramçylyk dabarasy Aşgabat teleýaýlymyna ýazgy edildi.

        Bizi şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kamatyna älem haýran …

Metbugat gullugy