Kitap adamyň dosty we maslahatçysydyr
Türkmenistanyň S. A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetinde ýurdumyzyň Ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň, talyp ýaşlarynyň arasynda ylmy-taslama sergi bäsleşigi geçirildi. Bu çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Biblografiýa bölümi hem “Kitap adamyň dosty we maslahatçysydyr” ady bilen göçme kitap sergi gurnady.
Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr. Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimizi kitaba çekmekde, olarda kitaba bolan söýgini döretmekde uly işler alnyp barylýar.
Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher pähiminden dörän gymmatly kitaplary we Bibliografiýa bölüminiň ýazyjy-şahyrlaryň ýubiliýarlaryna bagyşlap taýýarlaýan bibliografiýa görkezijileri ýerleşdirildi. Bu sergi okyjylarda we talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. “Ýaşlyk” teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi.
Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Kitap adamyň dosty …