Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler, Biblografiýa bölümi we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy bilen bilelikde “Kitap adamzadyň paýhas çeşmesi” - atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýänligi, döwletimizde kitaphana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilýänligi dogrusynda gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Halkymyzyň ruhy baýlygy”- atly kitap sergi gurnaldy
Çykyşlaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap adamzadyň paýhas …