“Kitap –ajaýyp dünýä ”- atly kitaphana syny.

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe has takygy, 2025- nji ýyly “ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde çünki Türkmen halky bilen goňşy halklaryň köpasyrlyk taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Dost-doganlyk ýurtlarymyzyň kitaplary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasyň  baý gaznasyny has-da baýlaşdyrýar. Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasyň   Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda goňşy döwletimiz Azerbeýjan döwletiniň “Azerbeýjan Milli kitaphanasy”-atly kitabynyň gelip gowuşmagy mynasybetli kitaphana syny geçirildi. Bu kitap Azerbeýjanyň Milli kitaphanasynyň 100 ýyllygyna bagyşlanan. Kitap ýokary derejede çap bolup Milli kitaphanasy  barada maglumatlar giňden beýän edilýär. Kitaphana syna Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda hen-de Aşgabat şäherindäki 132-nji ýörüteleşdirilen orta mekdebiň ýokary synyp okuwçylarynyň gatnaşmagynda   kitap  sergisi hem geçirildi.  Sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň,  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary ýaýbaňlandyryldy. Kitap sergi bölümiň okalga zalynda geçirildi. Kitaphana syna we kitap sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,  halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap –ajaýyp dünýä …

Metbugat gullugy