“Kitap bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi Aşgabat şäheriniň 27-nji çagalar bagynda “Kitap bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär” ady bilen çeper okaýyş we göçme kitap sergisini gurady.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi Aşgabat şäheriniň 27-nji çagalar bagynda “Kitap bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisini geçirdi. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe ertekiler ýerleşdirildi. Çagalara durmuşy, jadyly-hyýaly ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi, merdanalygy, ýagşy gylyk-häsiýetleri hakyndaky ertekiler, rowaýatlar labyzly okap berildi we çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy.

 Kitap sergisi ýaş nesilleriň her birinde kitaba bolan söýgi döretdi. Şeýle-de çagalara, kitap okan çaganyň-jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol ýörelgedigi hakynda maslahatlar berildi.

    Sergä gatnaşanlar bagtyýar çagalarymyzy milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap bar ýerinde …

Metbugat gullugy