“Kitap bilimiň açary” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy

Image description

Aşgabat şäherinde ýerleşýän 89-njy çagalar bakja-bagynda “Kitap bilimiň açary” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 89-njy çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Kitap bilimiň açary” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi we mundan başga-da ene-mamalarymyzdan galan milli mirasymyz bolan alajadyr, el-işlerimiziň gymmatlygy barada gürrüň etdiler. Birnäçe ertekili kitaplar  bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy.

  Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän  türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap bilimiň açary” …

Metbugat gullugy