“Kitap bilimiň açary” atly bäsleşik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi bilen Kitaphanaara abonement bölümi bilelikde Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyplarynyň arasynda bäsleşik geçirdiler. Bäsleşige kitaphana hünärinden bilim alýan talyplar gatnaşdylar. Bäsleşikde “Kitaphana we kitaphana işi hakynda sorag-jogap alyşdylar we birinji, ikinji, üçinji orunlar bilen tapawutlandylar. Bäsleşik örän çekeleşikli geçip gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana işiniň ösdürilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap bilimiň açary” …