“Kitap bilimiň açary” atly kitap sergisi.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň

Neşirleri toplaýyş bölümi, Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Altyn damja” sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap bilimiň açary” atly kitap sergisini çagalar topary bilen geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalara kitabyň adamzadyň ýol görkezijisidigini , durmuş synaglarynyň çözgütleriniň açarydygyny, ynsanyýetiň iň ýakyn syrdaşydygyny, kitap bilen durmuşa düşünilýändigini giňişleýin gürrüň berildi. Çagalara kitap okamagyň adamyň aň-düşünjesine, ýatkeşligine we üns jemleýiş ukybyna oňyn täsir edýändigini, şonuň üçin her bir adam kitap okamak endigini ösdürmelidigini maslahat berildi.

Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de  çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Çäräniň  ahyrynda çagalar bilen sorag - jogap alyşyldy.

Kitap sergisine gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň  aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini  tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap bilimiň açary” …

Metbugat gullugy