Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäherinde ýerleşen 44-nji orta mekdebiniň mugallymlary, okuwçylary hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-bilimleriň çeşmesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilimli, sagdyn bedenli, ata Watana, halka, asylly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.Ýaşlarda okamak endigini kemala getirmek,ylmy edebiýatlar hakynda düşündirmek mugallymlaryň we kitaphana işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi.Türkmen halkynyň kitaba sarpa goýmak,bilim öwrenmek ýaly iň gowy häsiýetleri bu günki günde hem ösdürilýär. Ýurdumyzda döwrebap ugurlaryň durmuşa geçirilýändigini,okyjylara giň mümkinçiligiň döredilýändigini nygtap geçdiler.
Söhbtdeşligiň ahyrynda Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-bilimleriň çeşmesi” ady …