“Kitap-dost-doganlyk köprüsi” ady bilen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň Gruziýa döwlet saparyny üstünlikli amala aşyrmagy we gol çekilen birnäçe döwlet ähmiýetli ähtnamalar dogrusynda kitaphana işgärleri bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy dünýä ýüzüne ýaň salýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyz dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli,medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär. Hormatly Prezidentimiz Gruziýa amala aşyran döwlet saparynda birnäçe ulgamlar bilen bilelikde medeniýet ulgamy boýunça hem döwlet ähmiýetli birnäçe resminamalara gol çekişlik dabarasy boldy. Şeýle ähtnamalaryň içinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Gruziýanyň Ilýa Çawçawadze adyndaky Milli kitaphanasynyň arasynda kitaphana işi boýunça özara düşünişmek hakynda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça ähtnamanyň kabul edilmegi biz kitaphana işgärlerini has-da begendirdi we mundan beýläk-de okyjylara döwrebap hyzmat etmäge ruhlandyrdy.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda hormatly Prezidentimiz Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky medeniýet günleri hem geçirildi. Munuň özi iki ýurduň medeniýeti, sungaty we taryhy, milli mirasy bilen tanyşmaga uly mümkinçilik döretdi. Dost-doganlyk hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmakda, ýurdumyzy dünýä ýüzüne tanatmakda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,alyp barýan il-ýurt ähmiýetli döwlet işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap-dost-doganlyk köprüsi” ady …