Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphanamyzyň halypalary hem-de “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde ýaşlary kitaphanalara çekmek, olaryň kitap okamaklyga bolan höwesini artdyrmak, ýurdumyzda kitaphana ugruny kämilleşdirmek maksady bilen “Kitap dünýäň açary” atly gepleşik geçirildi. Gepleşigiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara öwüt-ündew berýän kitaplary, geçirilen maslahatlary barada gürrüň edildi. Bu gepleşigiň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Medeniýet güni hem-de Magtymguly Pyragynyň güni bilen gutlap, ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap dünýäň açary”