“Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana” atly kitap sergisi gurnaldy.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän  2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana” atly kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergimize gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynda uly täsir galdyrdy.

Sergimizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri öz beýanyny tapýar. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen,  halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Kitap geçeni, geljegi …

Metbugat gullugy